logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

USSAT KOMPOZITOR ESERLERIŇ NESILLERE GÖRELDE

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet hem-de Ýaşlar baýraklarynyň eýesi, professor, kompozitor Çary Nurymowyň doglan güniniň 85 ýyllygy mynasybetli “Ussat kompozitor eserleriň nesillere görelde” ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu gurnalan sergi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hem-de edebiýatymyzyň barha kämilleşýän döwrüdir” diýip örän jaýdar belläp geçýär. Milli Medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan saz sungatymyzy professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Çünki olar profisional sazlary, dürli žanrdaky eserleri döretdiler. Öz gezeginde bolsa bu ajaýyp eserler Türkmenistanyň gymmatly sazlary jemlenen altyn hazynasyny emele getirdi. Ussat kompozitor Çary Nurymowyň ölmez–ýitmez saz eserleri aýdym-saz ugrundan bilim alýan ýaş nesillerimize uly gollanma, görelde mekdebidir. Onuň eserleri diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýedir. Ç.Nurymowyň sazy Gündogar we Günbatar, miras we häzirki zaman, milli we internasional däpleriň birleşmesidir. Kompozitoryň eserleri özüniň täzeçilligi we özboluşlylygy, täsirliligi, äheňleýin gurluşynyň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.

Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri ussat kompozitoryň döredijilik ýoly, sungat äleminde bitiren işleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem kompozitor Ç.Nurymowyň döreden eserleri barada talyp-ýaşlaryň arasynda sorag-jogap arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň eserleriniň sanawy uly, oňa üç balet, üç simfoniýasy, ýedi sany konsert, köpsanly simfoniki, wokal-istrumental, hor, kamera-instrumental eserler, kinofilmler üçin sazlar, romanslar we aýdymlar degişlidir. Mirasynyň esasy ugry instrumental sazlarydyr. Watana bolan söýgi, mähriban ülkäniň owadanlygy, döwürdeşleriniň batyrgaýlygy, şöhratly zähmeti onuň döredijiliginiň temalarynyň we keşpleriniň gözbaşydyr. 1967-nji ýylda Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň sahnasynda kompozitoryň W.Sopkiniň librettosyna “Epgegiň tepbedi” balei goýulýar. “Epgegiň tepbedi” milli kompozitor tarapyndan özbaşdak, kömeksiz ýazylan ilkinji türkmen baletidir. Onda adamyň suw, çöli gülletmek üçin tebigat bilen göreşi özboluşly beýan edilipdir. Ýaş kompozitoryň bu baleti ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm waka bolan Garagum derýasynyň gurluşygyna bagyşlanýar. Bu balet jemgyýetçilik tarapyndan gyzgyn garşylanyp, ýokary baha mynasyp bolýar. Ol eser üçin awtor Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy we täze sazly spektakllaryň bütinsoýuz bäsleşiginde Hormatly diplom bilen sylaglanýar.(1968ý)

1977-nji ýylda, Türkmenistanyň Kompozitorlarynyň VI gurultaýynyň geçýän günlerinde Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň sahnasynda Ç.Nurymowyň “Köýten nalasy” atly üçünji baletiniň görkezilişi bolýar. Ol. A.Gylyjowyň adybir powestini esasynda döredilipdir. Bu baleti üçin Ç.Nurymow sazly-sahna eserleriniň Bütinsoýuz bäsleşiginde üçünji baýraga we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna (1979ý) mynasyp bolýar. Ç. Nurymow uly göwrümli eserleri döretmek bilen birlikde kamera-instrumental žanrynda-da önjeýli işleýär. Oňa “Trombon we orkestr üçin konsert” pýesasy, “Fleýta we fortepiano üçin pastoral”, “Üflenip çalynýan saz gurallary üçin kwintet”, şeýle-de fortepiano üçin eserleriniň köp sanlysy degişlidir. Kompozitoryň iň soňky eserleriniň biri bolan “Maru-Şahu-Jahan” (1989ý) atly üçünji simfoniýasynda gadymy taryhy wakalara ýüzlenýär. Ç.Nurymowyň döredijiliginde aýdymlara uly orun degişlidir. Olaryň ençemesi halk arasynda meşhurdyr. Kompozitoryň aýdymlary we romanslaryna: R.Seýidowyň goşgusyna “Meniň obam”, (1962ý), Mollanepesiň goşgusyna “Gitdim”(1962ý), Magtymgulynyň goşgusyna “Oýanmaz”, A.Atabaýewiň goşgularyna “Yşk jana zelalatdyr”, bariton we fortepiano üçin (1983ý),”Saňa garaşa-garaşa”(1986ý) we başgalary degişlidir.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar saz sungatyna ömürleriniň bagyş eden ussat halypalary ýatlap geçmäge döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.


Nuryýewa Maral

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri