logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

USSAT KOMPOZITOR ÝOLAMAN NURYMOW, ESERLERIŇ NESILLERE GÖRELDE

Ussat bagşy-sazandalar asyrlar boýy dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýoly bilen milli saz sungatymyzy nesilden-nesilу geçirip, biziň günlerimize ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” atly kitabynda “Türkmen sazyny diňläniňde, ondan ünsüňi sowup bolanok. Onuň özüne çekiji gözelligi we şireli öwüşgini hiç kimi biparh goýmaýar. Halk sazy özüne bendi edýär, hyýaly arzuw-islegleriň dünýäsine alyp gidýär. Bu bolsa diňe biziň beýik sungatymyza, türkmen halkynyň söýgüli we iň giň ýaýran saz guraly bolan dutara mahsusdyr” diýip belleýşi ýaly, türkmen dutaryndan çykýan şirin owazlary halkymyzyň gymmatly mirasy bolup, öwrenilmäge mynasypdyr.
Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunowyň gurnamagynda “Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly” atly ussatlyk sapagynyň geçirilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr.
Türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýolaman Nurymow Türkmenistanyň halk artisti, ussat halypa, kämil sazanda, mukamçy kompozitor hökmünde tanalýan sungat ussatlarynyň biridir. Ussatlyk sapagynda mugallym Ç.Ahunow Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly, onuň türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary hakynda gyzykly gürrüňleri tomaşaçylar bilen paýlaşdy.
Sapagyň dowamynda Ý.Nurymowyň sazyna döredilen aýdymlaryň nota ýazgysyna geçirilişi barada hem bellenip geçildi. Munuň bilen baglylykda edilen işleriň hatarynda Ç.Ahunow tarapyndan nota ýazgysyna geçirilen kompozitoryň Nowruz Gurbanmyradowyň goşgusyna döreden birnäçe aýdymlarynyň sanawy hakynda gürrüň edildi. Olardan “Eziz Türkmenistan”, “Türkmen Altyn Asyrda”, “Garaşsyzlyk saýasynda”, “Garaşsyz illi türkmen”, “Garaşsyzlyk toýy külli türkmeniň”, “Şan getirdi”, “Bitarap Türkmenistan”, “Watan saňa ýarasam”, “Türkmenistanym meniň” atly şirin owazly aýdymlary aýtmak bolar. Halypa mugallymymyz Ç.Ahunow nota ýazgysyna geçiren aýdymlarynyň ölçegini, ritmik gurluşyny, saz bezeglerini kada laýyk ýazmakda nähili usullaryň ulanylýandygyny belläp geçdi. Ussat kompozitoryň sazyna döredilen “Ýaşlyk joşguny”, “Bagtyýar Watan” ýaly ajaýyp aýdym-sazlaryň ýerine ýetirilmegi bolsa, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň döredijiligine bagyşlap gurnan kitap sergisini aýlanyp gördüler. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça pikir alyşdylar. Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetiniň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklar aýdyldy.

Maral NURYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri