logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

USSAT TERJIMEÇILER ÝAŞ NESILLERIŇ ARASYNDA

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 82-nji orta mekdepde ýaş nesilleriň arasynda ussatlyk sapagyny geçirdi. Duşuşygymyza halypamyz, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medalynyň eýesi Hemra Şirow we “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň “Çagalar edebiýaty” bölümüniň redaktory Merjen Ýazyýewa myhman bolup gatnaşdylar.

Çagalaryň söýgüli ýazyjysy Hemra Şirow ýaş nesillere terjimeçilik işi bilen meşhurlanandygyny hem-de Lermontowyň, Eduard Uspenskiniň, Andreý Usaçowyň eserlerini türkmen diline terjime edendigini aýdyp berdi. Iňlis halk balladalaryny hem türkmen diline geçirmeklikde alyp baran işleri barada beren gürrüňlerini okuwçylar gyzyklanma bilen diňlediler. Şeýle-de Merjen Ýazowanyň rus, iňlis, nemes, fransuz dillerinden türkmen diline çagalar edebiýatyna degişli terjime eden işleri hakynda beren gürrüňleri hem höwes bilen diňlediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarda kitaba bolan söýgüni döretmek, olary ylmy-döredijilik, terjimeçilik işlerine höweslendirmek maksady bilen ýazyjylaryň, terjimeçileriň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklaryny ýola goýmaklykda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Arkadagly |Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.