logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

USSAT ÝAZYJY ŞAHYR GARA SEÝITLIÝEWIŇ ÖMRI DÖREDIJILIGI – NESILLERE NUSGALYK

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Ussat ýazyjy şahyr Gara Seýitliýewiň ömri döredijiligi – nesillere nusgalyk” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “-Beýik alymlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň gymmatly edebi mirasy dünýä siwilizasiýasynyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär” diýip belleýär. Elbetde, Gara Seýitliýewiň mazmuna baý eserleri hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüşde ýaňlanýar. Şahyryň edebi mirasy türkmen halkynyň kalbyna nur çaýýar, ruhy lezzet berýär. Giň okyjylara hödürlenýän ajaýyp kitaplary bu günki ösüp gelýän, ýaş nesillerimizde gowy gylyk häsiýetleri oýarmakda uly ähmiýet berýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan çuň manyly eserleri giň okyjylara ýetirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.