logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

USSATLYK OKUW SAPAGY ÝAŞLARA PEÝDALY TEJRIBE BOLDY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, giň gerimli özgertmelere, joşgunly dabaralara beslenýär. Bu taryhy wakalar ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yzy goýup, dünýä halklarynyň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär.

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 1-10-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda miniatýura we altyn çaýyp sahypalary bezemek sungaty boýunça ussatlyk sapaklarynyň geçirilişi boldy. Bu okuw sapagynda Hoseýnian Näjme hem-de Haşemi Seýede Sähär zehinli talyplara miniatýura hem-de kalligrafiýa ugurlary boýunça sapak geçdiler. Talyplara sungatyň inçe tilsimlerini hem-de aýratynlyklaryny giňişleýin öwretdiler.

Ynha şu gün hem Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda miniatýura we altyn çaýyp sahypalary bezemek sungaty boýunça ussatlyk sapaklarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu dabarada hünär öwrenen ýaş talyplarymyzyň döreden ajaýyp eserleri görkezildi. Gujurly talyplaryň paýhas zehininden dörän sungat eserlerini synlanyňda ynsanda uly gyzyklanma döretýär. Özüne çekiji ajaýyp sungat eserleri ownujak çekilen şekilleri, owadan reňkleri, nagyşlary bilen tapawutlanýar. Ussat mugallymlarymyz hem-de Eýran Yslam Respublikasyndan gelen hünärmenler ýaşlaryň ýerine ýetiren eserlerine ýokary baha berip, gysga wagtda zehin başarnyklaryny açyp görkezendikleri üçin haýran galdylar. Şeýle-de, ýatdan çykmajak talyplaryň hem-de mugallymlaryň arasyndaky mähir gatnaşyklary dogrusynda özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Dabaranyň ahyrynda sungat ojagymyzyň adyndan Eýran Yslam Respublikasyndan gelen hünärmenlere sagbolsun aýdylyp, sowgatlar gowşuryldy. Iki dostlukly döwletleriň arasynda sungatyň inçe tilsimleri babatynda pikir alyşmaklary ýaş talyplarymyz hem-de mugallymlarymyz üçin peýdaly tejribe boldy.


Oguljan Annamämedowa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 3-nji ýyl talyby