Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunowyň gurnamagynda “Ussatlyk sapagy” geçirildi. Bu geçirilen ussatlyk sapagy sungata ýaňy gadam basan talyplarda uly gyzyklanma döretdi,olara sungat äleminde tejribe toplamaklarynda uly ähmiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” atly kitabynda ”Türkmen sazyny diňläniňde, ondan ünsüňi sowup bolanok. Onuň özüne çekiji gözelligi we şireli öwüşgini hiç kimi biparh goýmaýar. Halk sazy özüne bendi edýär, hyýaly arzuw-islegleriň dünýäsine alyp gidýär. Bu bolsa diňe biziň beýik sungatymyza, türkmen halkynyň söýgüli we iň giň ýaýran saz guraly bolan dutara mahsusdyr” diýip belleýşi ýaly, türkmen dutaryndan çykýan şirin owazlary halkymyzyň gymmatly mirasydyr, öwrenilmäge mynasypdyr. Çäräniň başynda halypa mugallymymyz Çarymyrat Ahunow meşhur Amangeldi Gönübek, Garadäli gökleň, Kel bagşy, Mylly Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew, Nobat bagşy, Sahy Jepbarow ýaly ençeme türkmen aýdym-sazynyň ussat ýerine ýetirijileri hakynda we olaryň döreden eserleri barada gyzykly gürrüňleri berdi. Şeýle hem Aman Agajykowyň “Aýryldym” sazyny we Türkmen halk sazlary: “Maral geledir”, “Bibijan”, ”Şirin-Şeker” ýaly sazlary çalyp berdi we halk sazlarynyň döreýiş taryhy hakynda gyzykly gürrüňleri berdi. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.
Çäräniň dowamynda konserwatoriýanyň kitaphanasynyň gurnamaklygynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň kitaplaryndan we Ahunow Çarymyrat mugallymyň türkmen aýdym-saz sungatyndan ýazan kitaplaryndan we gollanmalaryndan kitap sergisi hem gurnaldy. Halypa mugallymymyz Çarymyrat Ahunow çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” kitabyndan halypa şägirtlik däpleri barada parasatly jümlelerini belläp geçdi we talyplar bilen söhbetdeşlik arkaly dowam etdirildi. Türkmen sungatynyň özi ýaly gadymy bolan halypaçylygyň milli mekdebiniň däp-dessurlary örän täsin durmuşa ukyplylygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Uzak geçmişde ussatlygy bilen diňleýjileri özüne bendi eden bagşy-sazandalar hünär taýdan kämilleşdirmekligiň uly mekdebini geçipdirler. Olar öz halypalaryndan dessanlary, aýdym-saz sungatynyň öçmez nusgalaryny, ýokary ahlak-estetiki gymmatlyklaryny we türkmen bagşylarynyň mizemez däp-dessurlaryny gorap saklamagyň we ösdürmegiň ýokary jogapkärçiligini üstlerine alypdyrlar. Halk bagşy-sazandalary özleriniň tebigy zehinleri bilen gadymy ata-babalarynyň ýokary saz-estetiki sungatyny ýüreklerden-ýürege geçirip, olaryň gymmatly mirasyny nesilme-nesil baýlaşdyrypdyrlar.
Çäräniň ahyrynda “Ussatlyk sapaga” gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň saglygy ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Maral NURYÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri