logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

USSATLYK SAPAKLARY GEÇIRILÝÄR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda kitaphanada şahyr hem terjimeçi Türkmeniň altyn asyr atly bäsleşiginiň ýeňijisi Annaberdi Goçamanowyň gatnaşmagynda ussatlyk sapagyny geçirdi. Halypa A.Goçamanow çagalar okaýşynyň ýolbaşçylaryna körpeje okyjylaryň söýüp okaýan daşary ýurt ertekileri we olary türkmen diline terjime etmeklikde alyp baran işleri barada täsirli gürrüň berdi. Kitaphana hünärmenleri halypa terjimeçi bilen özara sorag-jogap alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň dünýä edebiýatynyň döredijiliklerini giňden öwrenmekleri üçin kitap we kitaphana işlerinde ähli mümkinçilikleri ýola goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.