logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÜSTÜNLIKLI DOWAM EDÝÄN SERGI

2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde dabaraly açylan, 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli dowam etmeli «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde, bu serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Häzirki wagtda bu sergide sergilenen, Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan gadymy gymmatly tapyndylar syýahatçylarda, muzeý öwrenijilerde, taryhçylarda, giň halk köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär.

Türkmen we italýan arheologlarynyň arasynda häzirki wagtda arheologiýa we binagärlik mirasyny öwrenmek boýunça özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlan bu gatnaşyklar häzirki döwürde has-da üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, ata-babalarymyzyň miras goýan medeni gymmatlyklarynyň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi. Bu arheologik tapyndylarynyň bir bölegi Kapitoliý muzeýinde guralan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergide hem görkezilýär.

Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir. Italiýanyň arheologlary türkmen kärdeşleri bilen bilelikde ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini geçirip gelýärler. Bu netijeli hyzmatdaşlyk gymmatly taryhy tapyndylary ýüze çykarmaga, öwrenmäge we olary halk köpçüligine tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Serginiň dünýäniň iň gadymy muzeýleriniň birinde guralmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar we Türkmenistanyň baý taryhy mirasyny dünýä ýaýýan medeni diplomatiýanyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň Rim şäherinde geçirilmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldilýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Gündogaryň we Günbataryň arasynda köpri hökmünde çykyş edýändigini hem-de gadymy döwürlerden bäri medeniýet merkezi bolup gelýändigini görkezýär. Bu sergi 2025-2026-njy ýyllarda halkara medeniýet senenamasyna möhüm wakalaryň biri hökmünde girip, baý taryhy mirasy bolan döwlet hökmünde, Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Serginiň açylan döwründen bäri, Türkmenistanyň baý medeni taryhy bilen gyzyklanýanlaryň müňlerçesi bu sergä tomaşa etdiler.