logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILEN HALKARA ÇÄRELER

28-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň 2025-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky 42-nji mejlisi we geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Mejlisde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda, 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen, Aktau şäherinde halkara çäreleri üstünlikli geçirildi. Şol çärelere türkmenistanly medeniýet, sungat ussatlary hem işjeň gatnaşdylar.

Türki dilli doganlyk halklary medeniýetleriniň we dilleriniň ýakynlygy, däp-dessurlarynyň meňzeşligi has-da ysnyşdyrýar. Bu halklaryň taryhyň synagyndan geçen dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki döwürde täze öwüşginlere eýe bolýar. Munuň şeýledigine medeniýet babatdaky gatnaşyklar doly şaýatlyk edýär.

Medeniýet we sungat–dünýä döwletleriniň we abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkidýän dostluk köprüsidir. Biziň halklarymyzyň arasyndaky hoşniýetlilige, dost-doganlyga esaslanýan dostluk köprüsiniň binýady berkdir.

Aktau şäheriniň 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen açylyş dabarasy we onuň çäklerinde guralan, «Türki äheňlerde tanslar» atly halkara tans bäsleşigi, şeýle hem, III Halkara teatr festiwaly ýaly birnäçe çäreler üstünlikli geçrildi. Bularyň ählisi özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklarymyzyň hem-de agzybirligimiziň alamatydyr.

Şu ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Türki dünýäsiniň zenanlarynyň älemi» atly sergisi, Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen 3-nji «Türki dünýäsiniň talyplar spektakllarynyň teatr festiwaly», Türkiýe Respublikasynyň Trabzon şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň Hemişelik Geňeşiniň wekilleri derejesindäki maslahaty hem türki halklaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy berkitmekde örän netijeli boldy.

Türki dilli döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki medeni çäreleriň, konsertleriň yzygiderli guralmagy, biziň halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürýär. Bularyň ählisi medeniýet we sungat ugurlaryndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge, döredijilik babatda özara tejribeleri alyşmaga uly ýardam berýär-diýip belledi.

Şeýle hem, türkmen we gazak halklarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Hormatly Prezidentlerine tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdy hem-de Olara berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.