logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

UZEÝIR GAJYBEKOWYŇ HALKARA FESTIWALY

Ýaňy ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde meşhur azerbaýjan kompozitory Uzeýir Gajybekowyň XVIII halkara festiwaly geçirildi. Bu ýyl saz festiwalynyň maksatnamasy Nyzamy Genjewiniň 885 ýyllygyna, Alyşir Nowaýynyň 585 ýyllygyna, şeýle-de Birinji Türkologik Kongresiň 100 ýyllygyna bagyşlanýardy. Festiwalyň maksatnamasy dürli duşuşyklary, ylmy pikir alyşmalary we sazly çäreleri öz içine aldy. Üç günüň dowamynda birnäçe sergiler, tegelek stollar, şeýle hem simfoniki, kamera we milli sazlarynyň konsertleri geçirildi. Kongresiň esasy netijeleriniň biri Türki dünýäsiniň kompozitorlar bileleşiginiň (TUC) döredilmegi boldy.

Dabara gatnaşan Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Özbegistandan hem-de Wengriýadan gelen saz dünýäsiniň tanymal wekiller festiwalyň birinji gününde Uzeýir Gajybekowyň ýadygärliginde gül goýluş dabarasyna gatnaşdylar. Soňra Azerbaýjan döwlet akademiki filarmoniýasynda halkara saz festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Konsertde Uzeyir Gajybekow adyndaky Azerbaýjan döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirilmeginde türki dünýäsi kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy.

Festiwalyň ikinji güni Türki medeniýeti we mirasy gaznasynyň merkezi edarasynda Türki dünýäsi kompozitorlar bileleşiginiň ilkinji resmi duşuşygy geçirildi, şeýle hem täze halkara professional platformasynyň Düzgünnamasynyň taslamasy ara alyp maslahatlaşyldy. Çäräniň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Murad Hüseýinow, Türki medeniýeti we mirasy gaznasynyň prezidenti Aktoty Raimkulowa, Azerbaýjan kompozitorlar bileleşiginiň başlygy Frangiz Alizade hem-de türki dünýäsiniň beýleki kompozitorlarynyň çykyşynda döwrebap kompozitorcylyk mekdeplerini goldamak, döredijilik alyş-çalşygyny ösdürmek we türki dünýäsi sazyny halkara derejesinde wagyz etmek ýaly meseleleri aýratyn üns merkezinde boldy.

Halkara saz festiwalynyň üçünji güni Türki dünýäsiniň kompozitorlaryň we sazşynaslaryň arasynda “Türki halklaryň kompozitorçylyk mekdepleriniň döremegi we ösüşi: medeni özboluşlylygyň gözleginde” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda medeni gymmatlyklaryň we saz mirasynyň bilelikdäki döredijiligi üçin giň mümkinçilikleriň döredýändigi bellenildi we türki dünýäsiniň umumy medeni mirasy hökmünde görkezmegiň möhümdigi nygtaldy.

Bakuda geçirilen Türki dünýäsiniň kompozitorlarynyň birinji kongresi we Türki kompozitorlar bileleşiginiň döredilmegi türki dünýäsinde saz diplomatiýasynyň taryhynda täze sahypa açýar. Bakuda Türki dünýäsiniň kompozitorlarynyň birinji kongresiniň döredilmegi çuňňur simwoliki many-mazmuna eýedir. Birinji kongres uzak möhletli halkara maksatnamasynyň başlangyjyny alamatlandyrýar.

Türki dünýäsi kompozitorlarynyň Birinji gurultaýyna ýurdumyzdan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Röwşen Nepesow hem-de sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jemile Gurbanowa gatnaşdy.