logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

WAGTYŇY OKAMAGA SARP ET!

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna paýtagtymyzyň körpeje ýaşaýjylary esasy derslerinden boş wagtlary çagalara degişli kitaplary okamaga yzygiderli gelýärler. Hemişelik okyjylarymyz diňe bir çagalar edebiýaty bilen gyzyklanman, eýsem kitaplara jübijikleri ýelmemäge, kitap belliklerini goýmaga kömekleşýärler. Bu bolsa olaryň kitaphana we kitaphanaçylar bilen has ýakyn aragatnaşykda bolmagyna ýardam berýär. Höwesjeň okyjylarymyzyň iň gyzyklanyp okaýan kitaplary türkmen halk ertekileri şeýle-de daşary ýurt dillerinden türkmen diline terjime edilen kitaplary kiçi ýaşly okyjylara hyzmat edýän bölüminde okap bilýärler.

Kitapsöýüji ýaşlar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykan alkyş sözlerini beýan edýärler.