Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her bir günümiz toýdur-baýramlara beslenýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Wagyz-nesihat” çäresi geçirildi.
Eziz Watanymyza bolan buýsanjymyz köňlümiziň töründe orun alandyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna 35 ýyl bolýar. Bu şanly sene şu ýylymyzyň ösüşlere beslenjekdigini, toýlarymyzyň toýlara ulaşjakdygyny aýdyň beýan edýär. Bedew batly ösüşlere beslenýän şu günlerimizde milli gymmatlyklara, pederlerimiziň asylly ýörelgelerine belent sarpa goýulýar.
Goý türkmen halkynyň Garaşsyzlyk bagty öz miwelerini hemişe sahylyk bilen eçilsin! Garaşsyzlyk gudraty döwletimizi mundan beýläk hem şan-şöhrata beslesin! Döwletimiziň hem jemgyýetimiziň at-abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.