logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler, wagyz-nesihat duşuşyklary, hoşallyk maslahatlary ajaýyp ýylymyzda bellenilýän şanly seneler bilen utgaşyp her bir raýatyň göwün guşyny ganatlandyrýar. Şeýle ýokary guramaçylykda geçirilen çäreleriň biri-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen kararlary we çözgütleri halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Türkmenabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler.

Gülälek BATYROWA

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy