logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

WAGYZ-NESIHAT IŞLERI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda, ýurdumyzyň ykdysady durmuş taýdan ösüşleri barada alnyp barylýan uly işler we ýetilen sepgitler boýunça talyp ýaşlaryň arasynda wagyz nesihat işleri geçirildi.

Çäräniň soňunda talyp ýaşlar öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsuny aýdýarys. Goý olaryň janlary sag başlary dik bolsun, alyp barýan il bähbitli ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.