Ýurdumyzda Baky Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylymyzda her bir baýramçylyklar uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynda al-elwan güller açylyp, tebigat gülleýär. Watanymyzyň ajaýyp tebigaty has-da gözelleşip, türkmen halkynyň ýüregini joşdurýar. Nowruz baýramy döreýişi we janlanyşy aňladyp, bahar paslynyň gelmegi bilen janlanýan tebigat bilen birlikde adamlaryň hem ylhamy joşýar, täze pikirler döreýär, döredijilik işgärleriniň hem täze eserleriniň döremegine getirýär. Milli bahar baýramynda kalby joşýan şahyrlar, sazandalar, suratkeşler, heýkeltaraşlar we amaly-haşam sungatynyň ussatlary bagtyýar durmuşymyzy, taryhymyzy we häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri wasp edýän sungat eserlerini döredýärler. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezileşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky Kitaphana Şahamçasy bilelikde guramagynda, Milli Bahar baýramçylygy mynasybetli «Nowruz dost-doganlyk baýramy» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi. Çäräni Merkezileşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky Kitaphana Şahamçasynyň kiçi bölüminiň müdiri Akmämmedowa Bägül alyp bardy, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary Rustamowa Şirin, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň uly ylymy işgäri Guljaýewa Güljeren Merkezileşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy Meredowa Merjen, Merkezileşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Ataýewa Bahar, dagylar çykyş etdiler. Wagyz nesihat çäresi Aşgabat teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.