Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Waspyň dilde dessan bedew» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimizi wasp edýän, ajaýyp kitaplarynda ahalteke bedewlerimiziň waspynyň giňişleýin beýan edilýänligi şeýle-de gözellikde, ýyndamlykda, wepadarlykda öçmejek yz goýýan, toý-baýramlarymyzyň bezegi, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiziň häzirki wagtda şan-şöhratynyň arşa galýandygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda ahalteke bedewlerimiziň ýyndamlygyny, owadanlygyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.