logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

WASPYŇ DILLERDE DESSAN, TÜRKMEN HALYSY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Waspyň dillerde dessan, türkmen halysy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler dünýäniň iň gadymy döwürlerinden alyp gaýdýan haly sungaty, türkmen halylarynyň gözelligi bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan ruhyny galkyndyrýan baý öwüşgünli gözelligi, nepisligi bilen göreni haýrana goýýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de türkmen milli halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklarynyň jemlenendigi barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda asyrlardan-asyrlar aşyp gelýän milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, türkmen halkynyň el hünärini, halyçylyk sungatyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.