logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Waspyň dillerimizde sena Aşgabat

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Aşgabat” seýilgähinde “Waspyň dillerimizde sena Aşgabat” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Seýilbaglar, meýdançalar we seýilgähler türkmen paýtagtynyň özboluşly keşbini emele getirýär. Oňa ýaşyl öwüşgün berýär we açyk landşaftlary janlandyrýar. Şeýle ýaşyl infrastruktranyň bolmagy türkmen paýtagtyndaky haýsy seýilgähe baranyňda hem aýdyň görünýär. Şäherde mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaşyş jaýlarynyň sport hem-de durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygy işjeň dowam edýär. Paýtagtymyzyň häzirkizaman keşbiniň kemala gelmeginde ýerleriň abadançylygyna we bag ekilişine aýratyn üns berilýär. Ine söhbetdeşligiň dowamynda şular dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda gözel paýtagtymyzy ylalaşdyryjy merkez hökmünde at-abraýyny has-da artdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.