Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gözelligi, owadanlygy, ýyndamlygy bilen älem-jahany haýran galdyrýan behişdi bedewlerimiziň şanyna toý dabaralary tutulýar. Her ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle baýramçylyk çäreleriň biri hem şu gün biziň Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bilelikde yglan eden “Waspyň sena boldy dillerde bedew!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi we bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem bedewleriň sungatdaky ornuny şöhlelendirýän sergi gurnaldy.
Şeýle uly işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!