logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Watan – biziň başymyzyň penasy, Watan – nesilleriň ýürek senasy

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher komiteti we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda “Watan – biziň başymyzyň penasy, Watan – nesilleriň ýürek senasy” atly brifing geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlyklarynda bu gün beýik taryhy döwre gadam basyp, gurup we döredip, innowasiýalary özleşdirip, ösüş ýoly bilen öňe barýar. Gelejege nurana gapylary açýan şol ýollarda ýaşlara uly orun degişlidir. Watan mukaddesligine düşünip, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize buýsanýan hem-de nurana geljegimize ynanýan ýaşlar ýurduň geljegidir. Bu barada Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar–Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynda aýratyn nygtap, ýurdumyzyň häzirki wagtda dürli ugurlarda alyp barýan işlerine ýokary baha berýär. Çärä gatnaşyjylar gyzykly we täsirli çykyşlar etdiler. Şeýle bagta ýetiren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan her bir tutumly işleriniň rowaçly menzillere rowana bolmagyny arzuw etdiler.