logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

WATAN GERÇEKLERI UNUDYLMAZ!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Watan gerçekleri unudylmaz!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Şu günki baýramçylyk dabarasy çykyş edenler 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda we tylda edermenlik görkezenlikleri hakynda söhbet etdiler! Biz olaryň watana wepalylygynyň, edermenliginiň hem-de gaýduwsyzlygynyň, bagtyýar durmuşymyz we nurana geljegimiz üçin bitiren hyzmatlarynyň öňünde baş egýäris diýip giňişleýin gürrüň etdiler. Dabarada çykyş edenler bular hakynda aýtmak bilen Ýeňiş hakynda ýazylan goşgulary okadylar. Olar söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.