Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde Watan goragçylarynyň günine bagyşlap “Watan goragçylarynyň edermenligi–halkymyzyň asuda durmuşyň kepili” atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Çärämiziň hormatly myhmany Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň harby gullukçysy Kapitan, Maýor Aknur Rozyýewa ýaş nesillere, ýer-ýurduň abatlygyny baş wezipe edinen halkymyz, bereketli topragymyzyň her bir daban ýerini gözüniň göreji deýin gorap saklap, her bir gysym gumuna Watançylyk ruhyny siňdirenligi hakynda gyzykly gürrüňleri berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy”, “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Mertler Watany beýgeldýär”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” ýaly Watançylyk we döwletlilik öwütlerine, ynsanperwerlik garaýyşlaryna, ýagşylyk we ynsaplylyk sargytlaryna, hoşniýetli ýörelgelerine ýugrulan eserleri ynsanlaryň ýakyn maslahatçysy, gollanmasy we häzirki nesilleriň merdanalyk mekdebi bolup hyzmat edýändigi barada kitaphana hünärmenleriniň beren gürrüňleri hem täsirli boldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar “Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr” diýip il-ulysymyzyň baky bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.