Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler halkymyzyň bagtyýarlygynyň mukamy bolup belentden-belent ýaňlanýar. Asyrlara barabar beýik işler bolsa halkymyzyň ykbalyny galkyndyrýar, röwşen geljege bolan ynamyny pugtalandyrýar. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznahanalarynda ýerleşdirilen nakgaş, heýkel, keramika, amaly-haşam sungat eserlerinden düzülen göçme sergi guraldy. Sergide Ý.Baýramowyň, «Seýdiniň portreti» A.Taganow «Bezeg güldan» A.Taganowyň, «Seýitjemaleddiniň ýadygärligi» G.M.Gurbanowanyň, «Ýüzi nagyşlar bilen bezelen ýalpak görnüşli tabak» atly ajaýyp sungat eserleri sergini synlan her bir adamda ýakymly duýgulary döredýär. Ýürekleri Watana bolan söýgüden püre-pür ussat hünärmenler halal zähmet çekmäge ajaýyp sergileri gurap halkymyza ýetirmäge döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.