logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

WATAN MERTEBESI BEÝIKDIR, GORAGY MUKADDES BORÇDUR

Berkarar watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Watan, toprak mukaddesligi ýaly gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýar. Çünki Watan goragy mukaddesdir. Bu günki gün Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň goragy ygtybarly gollarda. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän Milli goşunymyz asuda Watanymyzyň sarsmaz galasydyr.

Her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur» atly sergi guraldy. Sergi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň portreti, Döwlet nyşanlary, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylyň şygary, hormatly Prezidentimiziň Watan mukaddesligi barada aýdan pähimli sözleri bilen açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan kitaplaryna giňden orun berildi. Sergide Ýu.D.Nowikowyň “Türkmen bedew atlary. Pellehananyň öň ýanynda” hem-de “Türkmen atlary” atly linograwýura usulynda çekilen grafika eserleri görkezilýär.

Serginiň görnükli ýerinde Berdimuhamet Annaýewiň hem-de Mälikguly Berdimuhamedowyň keşbi çitilen haly panno ýerleşýär. Türkmen halkynyň taryhy Watanymyzyň şöhratly ogullarynyň görkezen edermenlikleri baradaky maglumatlara baýdyr. Olaryň hatarynda Berdimuhamet Annaýew hem bar. Ol ilkinjileriň hatarynda fronta gidip, agyr ýaralanyp uruşdan gaýdyp geldi, emma ýaş nesli okatmak, terbiýelemek ýaly asylly işi dowam edip, halkymyzyň hakydasynda ýagşy ýatlamalary galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bölümleriniň şahsy düzümlerinde işledi. Hormatly dynç alyşa çykandan soň, köp ýyllaryň dowamynda ýaşlara bilim bermek işinde zähmet çekdi. Olaryň durmuş ýoly häzirki wagtda ýaş nesil üçin watançylygyň we borja wepalylygyň aýdyň nusgasydyr.

Hazar dostluk, parahatçylyk deňzidir. Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen özara dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Asuda Hazar kenarynyň keşbi çitilen haly panno sergini görmäge gelýänlerde uly täsir galdyrýar. Onda asuda deňizde ýüzüp barýan parahatçylygyň buşlukçysy “Arkadag” gämisi hem erkana uçup ýören guşlar şekillendirilipdir.

Sergide ýurdumyzyň Milli goşunynyň esaslandyrylyşy baradaky maglumatlar, Türkmenistan watanymyzyň ösüş-özgerişlerini sungatyň üsti bilen beýan edýän gymmatly zergärçilik eserleri, altyn, kümüş bilen bezelen häzirki zaman sowuk ýaraglar görkezilýär. Bulardan başga-da Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, syýasy we harby durmuşyny, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýän gymmatlyklardyr fotosuratlar, sergini görmäge gelenler üçin aýratyn täsirlidir.