logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

WATAN ŞÖHRAT ŞANY BOLUP, YNANYŞMAGYŇ TUGY BOLUP PARLA ÝAŞYL BAÝDAGYM

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi hem-de Seýrek neşirleri bölüminiň gurnamagynda «Watan şöhrat şany bolup, ynanyşmagyň Tugy bolup parla ýaşyl Baýdagym» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan ýylymyzda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi hem-de Seýrek neşirleri bölüminiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güne bagyşlap “Watan şöhrat şany bolup, ynanyşmagyň Tugy bolup parla ýaşyl Baýdagym” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi we Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Kitap ruhy hazyna” atly kitap sergi hem gurnaldy. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi.