logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Watan waspy goşgularda

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen kitaphananyň okalga otagynda “Watan waspy goşgularda” atly şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sesli okaýyş geçirdi. Kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly gymmatly eserinden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy ýollary, Türkmenistan diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent derejeleri, şanly Garaşsyzlygymyzyň gazananlary hakynda täsirli gürrüňleri berdiler.

Çärämize işjeň gatnaşan ýaş kitapsöýüjilerimiz hem şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary ýatdan we labyzly ýerine ýetirdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyzlyga guwanmak, Watany halky söýmek bagtdyr diýip mukaddes Garaşsyzlygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.