Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebinde şol mekdebiň kitaphanaçysy hem başlangyç synp okuwçylary bilen bilelikde «Watan waspy goşgularda» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen okuwçylara Watan hakynda türkmen halk ertekileriniň, rowaýatlaryň, birnäçe ýazyjy-şahyrlaryň eserleriniň üsti bilen gyzykly gürrüň berdi. Ata-babalaryň mesgen tutan Watanynda dünýä inmekden, ýaşamakdan belent bagt ýokdur. Ata Watanymyza, ene topragymyza wepaly gulluk etmek bu biziň Watanymyzy söýmekdir! Mekdep okuwçylary höwes bilen Ata Watanymyzy wasp edýän birnäçe goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-hem göçme kitap sergi okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.