Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Watan waspyn edýär ylhamly ýaşlar” atly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz Watanymyzyň daýanjy hem geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy we döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilýändigi hakynda giňişleýin durup geçdiler. Söhbetdeşlige gatnaşan ýaşlar eziz Watanymyzy, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän goşgularyny hem okadylar. Türkmen ýaşlaryna okamaga, işlemäge hem-de döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.