Şu günler türkmen saz sungatynyň görnükli wekili, ussat kompozitor Nurygandym Hojamuhammedow özüniň 70 ýaş toýuny belleýär. Ol öz ýurdunyň saz sungatynyň däplerini mynasyp dowam etdirijisi bolup, olary özboluşly, gaýtalanmajak awtorlyk stili bilen has-da baýlaşdyrdy.
Türkmenistanyň halk artisti N. Hojamuhammedowyň döredijiligi köp žanrlydyr. Ol ençeme simfoniki, kamera-instrumental, wokal, hor eserleriniň, drama spektakllary we kinofilmler üçin sazlaryň awtorydyr. Eýýäm birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň dürli konsert meýdançalarynda we milli tele we radio ýaýlymlarynda halypa kompozitoryň Watana, Garaşsyzlyga we Bitaraplyga bagyşlanan ylhamly aýdymlary, şeýle hem söýgi baradaky ýürekden çykýan liriki eserleri ýaňlanyp durýar.
Nurygandym Hojamuhammedowyň döredijiliginde saz sungatynda iň bir çylşyrymly hasaplanýan opera žanry aýratyn orun eýeleýädigi aýratyn bellärliklidir. Ol üç opera döretdi. Olaryň ikisi – “Hüýrlükga-Hemra” we “Nejep oglan” dessan operalaryna degişli, “Ruhubelentler” bolsa häzirki zaman ýaşlar tematikasyna bagyşlanan. N. Hojamuhammedow A. Agajykowyň "Saýathan" operasynyň sazyny dikeltmäge we täzelemege işjeň gatnaşyp, bu uly göwrümli eseriň teatr sahnalarynda goýulmagyna uly goşant goşdy. Kinematografiýa we teatr sungaty hakda aýtsak, kompozitoryň döreden sazlary “Söwer ýardan aýyrma”, “Pygamber patasy”, “Sen ýadyma düşseň...” ýaly kinofilmleriň, “Seljuknama” drama oýnunyň many-mazmunyny tomaşaçylar üçin has täsirli we aýdyň edýär.
N. Hojamuhammedow Türkmenistanyň milli harby-watançylyk sazyna-da uly goşant goşdy. Ol resmi harby-dabara sazlarynyň aglaba bölegini, şol sanda üflenip çalynýan saz gurallary orkestri üçin marşlary, 50-den gowrak harby-nyzam marş aýdymlaryny döredip, Watanymyzyň goragçylarynyň ruhuny belende galdyrýar.
N. Hojamuhammedowyň döredijilk işi köpugurlydyr. Ol häzirki zaman türkmen medeniýetinde diňe kompozitor hökmünde däl-de, eýsem, orkestriň dirižýory, ussat sazanda-ýerine ýetiriji we tejribeli mugallym hökmünde ýakyndan tanalýar. 1983-nji ýylda Moskwadaky Gnesinler adyndaky Döwlet sazçylyk institutyny tamamlap akkordeonçy we halk saz gurallary orkestriniň dirižýory hünärlerini ele alýar. Okuwy gutaranyndan soň N. Hojamuhammedow Aşgabatdaky Döwlet mugallymçylyk sungat institutynda zähmet ýoluna başlap, ençeme ýaş zehinleri ýetişdirdi we şol bir wagtda talyplaryñ orkestrine ýolbaşçylyk etdi, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny artdyrmak üçin ýadawsyz döredijilikli zähmet çekdi. 2003-nji ýyldan bäri ol Türkmenistanyň döwlet Mukamlar köşgüniň “Owaz” estrada orkestrine ýolbaşçylyk edýar.
N. Hojamuhammedow 1989-njy ýylda eýýäm tejribeli sazanda bolsa-da, belli türkmen kompozitorlary G. Çaryýewiň we Ç. Nurymowyň maslahatyna eýerip, SSSR-ň halk artisti, professor Weli Muhadowdan kompozisiýa hünärinden sapaklary alyp başlaýar.
N. Hojamuhammedow öz ömrüni mugallymçylyk işine bagyşlap, ýaş sazandalara dirižýor, sazanda we kompozitor hökmünde bahasyna ýetip bolmajak tejribesini uly joşgun bilen paýlaşýar. Ol tälim berýän talyplaryndan dürli kompozitorlaryň eserlerini orkestr üçin orkestrleşdirileninde we akkordeon saz guralyna geçirileninde awtorlaryň inçe işiniň, döredijilik pikiriniň çuňňur we üns bilen saklanmagyny talap edýär. Hut şu çylşyrymly işiň özi-de onuň ilkinji özbaşdak kompozisiýa synanyşyklary üçin güýçli itergi boldy.
Häzirki wagtda alyp barýan we geljekde meýilleşdiren işleri barada kompozitor şeýle diýdi: “Ikinji fortepiano konsertiniň partiturasy ýakynda tamamlandy. Soňky döwürde we şu günlerde eýýäm gaty seýrek duş gelýän halk aýdym-saz nusgalaryna esaslanýan instrumental eserleri döretmek pikirini öňümde goýýaryn. Meniň esasy maksadym – gadymy aýdym-sazlaryny we häzirki zaman kompozitorlyk serişdeleri utgaşdyrmak, simfonik orkestriň saz gurallaryny we täze kompýuter tehnologiýalaryny bilelikde ulanyp, biziň gadymdam gelýän aýdym-sazlarymyzy täzeden işläp düzmek we ösdürmek, olary täze, döwrebap görnüşde jemgyýete ýetirmekdir”.
Nurygandym Hojamuhammedowyň bu sözleri onuň döredijilik ýolunyň dowamlylygyny we geljege gönükdirilen maksatlaryny aýdyň görkezýär. Ol diňe bir geçmişiň gymmatly mirasyny gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ony häzirki zaman tehnologiýalary we kompozitorlyk usullary bilen utgaşdyryp, täze bir derejä çykarmagy maksat edinýär. Bu bolsa türkmen saz sungatynyň ösüşine täze itergi berip, ony dünýä derejesinde has-da tanatmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Ussat halypanyñ 70 ýaş toýy diňe bir şahsy baýramçylyk däl, eýsem, tutuş türkmen medeniýeti üçin uly waka. Onuň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup, geljek nesillere miras galar. Biz ussat kompozitoryň döredijilik ýolunda täze üstünlikleri arzuw edýäris we onuň türkmen saz sungatyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandyna çuňňur hormat goýýarys. Onuň ylhamy hiç wagt sönmesin, täze eserleri bilen bizi hemişe begendirsin!
Enejan Nuryýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Ýörite fortepiano» kafedrasynyň uly mugallymy