logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

WATANA WEPALYLYK-MUKADDES BORÇ

WATANA WEPALYLYK-MUKADDES BORÇ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 11-nji orta mekdepde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watana wepalylyk–mukaddes borç» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Watan goragy mukaddesdir, şol mukaddeslige uýýan, sarpa goýýan, goraýan adam özüne ynamly, ynsaply salykatly ynsandygy, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlary merdanalyk, Watançylyk ruhynda terbiýelemegiň nusgalyk gollanmasy bolup hyzmat edýän «Watan goragy mukaddesdir» atly kitabynda «Watan, ene toprak üçin gara başy orta goýmak her bir türkmeniň borjudyr» diýýän sözleri ýaşlaryň kalbynda peder pendi bolup orun alýandygy barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän, ýurdumyzyň şan-şöhratyny beýgeldýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.