logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

WATANÇY, ŞAHYR ŞALY KEKILOW

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde şahyr Şaly Kekilowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlap «Watançy, şahyr Şaly Kekilow» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Kitaphana hünärmeni Şaly Kekilowyň ömri we döredijilik ýoly barada hem-de ýazyjynyň döreden eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemeklikdäki ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňleri berdi. Şaly Kekilowyň “Kareliýa jeňňelinde” poemasynyň tebigatyň üsti bilen adam duýgularyny açyp görkezmekde-de çeperçilik serişdelerini ýerlikli ulanmakda-da ynsanyň watançylyk duýgularyny täsirli şekillendirmekde-de şol döwrüň nusga bolar ýaly ajaýyp eserdigi hakynda hem giňişleýin gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşant şahsyýetleriň eserlerini öwrenmeklige giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.