Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Watanym bagtym, Garaşsyzlyk ganatym» ady bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgünde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan sene bolup, köňülleriň buýsanjyna öwrülen bu şanly senäni halkymyz her ýyl zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygy, ony beýik ösüşler bilen şöhratlandyrýandygy hakynda buýsanç bilen gürrüň berdiler. Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuw eden parahat, özbaşdak, abadan hem bagtyýar durmuşynyň açary, Garaşsyzlyk baýramy eziz Watanymyzyň özygtyýarlygyny we bitewiligini, mizemezligini şöhratlandyrýan mukaddes baýram bolup, halkymyza öz ykbalyny özi çözmäge, dünýäniň alys hem-de goňşy ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilikleri döredendigi hakynda beýan etdiler.
Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, ösüşli Diýarymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çäräniň täsirini has-da artdyrdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.