logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

WATANYM–BAGTYM, GARAŞSYZLYK–GANATYM

WATANYM–BAGTYM, GARAŞSYZLYK–GANATYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň 132-nji daşary ýurt dillerini ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Watanym–bagtym, Garaşsyzlyk–ganatym» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň, berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýandygy, Garaşsyzlyk ýurdumyzy taryhy özgerişlere besläp, parahatçylyk söýüji agzybir halkymyzy ajaýyp döwre, bagtyýar durmuşa ýetirendigi barada bellediler. Şeýle hem Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen parahatçylygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratynyň, halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýän wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň 132-nji daşary ýurt dillerini ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy.

Aýdym-sazly wagyz-nesihat çärä gatnaşanlar eşretli eýýamyň gujagynda azat-erkin ýaşap, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, durmuşa geçirýän beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.