logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

WATANYM–BAGTYM, GARAŞSYZLYK–GANATYM

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda «Watanym–bagtym, Garaşsyzlyk–ganatym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni toý baýramlara beslenýändigi, şeýle baýramlarymyzyň iň naýbaşysy hem Mukaddes Garaşsyzlygymyzdygy barada çykyş etdiler. Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabaralardyr, çäreler il agzybirligini, eşretli zamananyň rowaç ösüşlerini aýdyň beýan edýändigini, şeýle ajaýyp toýdur-baýramlar erkana, bagtyýar durmuşyň aýdyň geljegiň kepili bolup şugla saçýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli zamana ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.