Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz, ýeňişlerimiz, berkararlygymyz hem-de bagtyýarlygymyz öz gözbaşyny milli buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýar. Geçen 35 ýylyň dowamynda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi. Bu döwürde Garaşsyz döwletimiziň binýadyny berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin öňde has uly wezipeler goýuldy, täze ösüşlere tarap gadam uruldy. Syýasy durnuklylyk, halkymyzyň agzybirligi, uzak möhletlere gönükdirilen köpugurly maksatnamalar Türkmenistany kuwwatly we ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşdy.
Garaşsyzlyk güni halkymyz üçin beýik baýramçylykdyr. Çünki Garaşsyzlyk okgunly ösýän döwletimiziň mizemez binýadydyr. Ol bize ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, baýlaşdyrmaga, ösdürmäge, şeýle hem parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi dünýäde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi. Baş baýramymyz Watanymyzyň garaşsyz ösüşiniň täze taryhy eýýamyny, beýik üstünliklerini alamatlandyrýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Watanymyzyň Garaşsyzlygy – ösüşleriň kepili” atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, Döwlet baýdagymyz, tugramyz we hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk barada aýdan parasatly sözleri bilen başlanyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri suratlandyrýan fotosuratlar bilen dowam edýär.
Sergide Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda aýry-aýry pudaklarda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara esasy orun berilýär.
Mundan başga-da sergide hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik we sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden ajaýyp şekilli halylary we haly önümleri şeýle-de türkmen suratkeşleriniň bagtyýar döwrümizi we ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän ajaýyp surat eserlerine esasy orun berilýär.