logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

WATANYMYZYŇ GARAŞSYZLYGY–HALKYMYZYŇ BAGTYÝARLYGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bedew bady bilen ösýän asuda, abadan ýurdumyzyň guwandyryjy ösüşleriniň we şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwrüdir. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli “Watanymyzyň Garaşsyzlygy–halkymyzyň bagtyýarlygy” atly sergi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Sergini Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Bu dabara Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň stomatologiýa okuw önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Gurbannazar Ataýew, Edebiýat we sungat gazetiniň habarçysy, şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Sähra Ýusupowa, Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň Mahabatlandyryş we neşir edijilik bölüminiň müdiri Aýgül Bekmiýewa, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň “Altyn menzil” aýdym-saz toparynyň artisti Zöhre Annaýewa, Türkmenistanyň awtoulaglary ministrliginiň “Awtoulaglary” önümçilik birleşmesiniň baş hünärmeni Kerim Täçmyradow dagylar gatnaşdylar we çykyş etdiler. Sergä gatnaşan myhmanlar Garaşsyzlyk ýyllarynda baý medeni mirasyny, onuň dünýä medeniýetine goşýan goşandy, türkmen medeniýetiniň döwrebap derejede ösdürilip, kämilleşdirilýändigi we bütin dünýä ýaýylýandygy hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelejegi, şu güni barada örän täsirli giňişleýin gürrüň berdiler.

Serginiň ahyrynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan nusgalyk işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Myhmanlar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gurnalan “Watanymyzyň Garaşsyzlygy–halkymyzyň bagtyýarlygy” atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.