logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi – ýaşlar

Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz durnukly we batly gadamlar bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar baradaky aladadyr. Çünki islendik jemgyýetiň güýji, kuwwaty we röwşen geljegi onuň bilimli, terbiýeli hem-de watansöýüji ýaşlaryna baglydyr.

Şu maksat bilen, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi — ýaşlar» atly maslahat ýaş nesliň jemgyýetdäki ornuny we olaryň öňünde durýan wezipeleri dabaralandyrýan möhüm waka öwrüldi.

Halkymyzda «Ýaş nesil — guwanjymyz, geljegiň daýanjy» diýen dana jümle bar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, sport we döredijilik dünýäsinde üstünlik gazanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Akylly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň şäheri bolan Arkadag şäherinde geçirilýän bu çäre hem ýaşlaryň täze eýýamyň talaplaryna laýyklykda kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaşlar diňe bir geljek däl, eýsem şu günüň hem esasy hereketlendiriji güýjüdir. Olar ykdysadyýetde, sanly ulgamda, bilimde, saglygy goraýyşda we medeniýetde iň döwrebap taslamalary durmuşa geçirip, Watanymyzyň kuwwatyny bütin dünýä aýan edýärler.

Arkadag şäheriniň sebitde ilkinji bolup «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda guralmagy, ýurdumyzyň ýaş hünärmenleri üçin ägirt uly innowasiýa meýdançasyna öwrüldi. Bu döwrebap şäheriň durmuş üpjünçilik, ekologiýa we sanly dolandyryş ulgamlarynyň her bir künjegi ýaşlaryň intellektual zähmetiniň miwesidir

Şäheriň ekologik taýdan arassa ulag duralgalaryny, “akylly” öýleri we ýaryşyk ulgamlaryny dolandyrýan programma üpjünçiliklerini we operasion platformalaryny esasan ýaş IT hünärmenleri, inženerler we programmistler işläp düzýärler hem-de gözegçilik edýärler.

Ýaş alymlar we talyplar tarapyndan hödürlenýän innowasion taslamalary şäheriň sanly ykdysadyýetiniň esasyny emele getirýär. Olar energiýany tygşytlaýjy ulgamlardan başlap, emeli intellekt tehnologiýalaryna çenli iň täze çözgütleri önümçilige ornaşdyrýarlar.

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde QR-kod tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy hem-de interaktiw aragatnaşygyň ýola goýulmagy hem hut şu ýaş hünärmenleriň şäheriň “akylly” medeni infrastrukturasyna goşan goşandydyr.

Maslahatyň edil muzeý gurşawynda geçirilmeginde hem çuňňur many bar. Muzeýler – halkyň geçmiş taryhyny, milli medeniýetini we pederlerimizden galan mukaddes ýörelgeleri gorap saklaýan we wagyz edýän mukaddes ojaklardyr. Geçmişine hormat goýmaýan halkyň geljegi bolmaz.

Ýaşlaryň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza bolan sarpasyny artdyrmakda muzeýleriň we ýaşlar guramalarynyň bilelikde bäsleşikleri, usuly maslahatlary guramagy örän netijelidir. Sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýaş nesle pederlerimiziň taryhy ýoluny döwrebap, interaktiw usullar arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa olarda milli buýsanç we watançylyk duýgularyny has-da berkidýär.

«Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi — ýaşlar» atly maslahat türkmen ýaşlarynyň döwletimiziň we halkymyzyň ynamyny ödemäge hemişe taýýardygyny ýene bir gezek subut etdi. Ýaşlar özlerine bildirilýän bu beýik ynamy ak ýürekden we tutanýerli zähmet, belent ylym-bilim hem-de innowasion tehnologiýalar bilen ödäp, Garaşsyz Türkmenistanymyzy täze ösüşlere tarap ynamly alyp bararlar.