logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Watanymyzyň ösüşleri – rowaçlygyň şuglasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda “Garaşsyzlyk” seýilgähinde «Watanymyzyň ösüşleri – rowaçlygyň şuglasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ähli işler, ilkinji nobatda, adamlaryň eşretli ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş ýörelgesi “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarlar halkymyzyň eşretli, abadan durmuşy baradaky aladanyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda eşretli zamanany peşgeş beren, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.