Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda, paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan “Garajaoglan” seýilgähinde öz körpeje okyjylary bilen 1-nji iýun, çagalary goramagyň halkara günine bagyşlap “Watanyň geljegi- bagtyýar ýaşlar” ady bilen “Türkmenistan teleýaýlymynyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasyny geçirdi.
Baýramçylyk dabara dürli ýaşdaky çagajyklar gatnaşdylar. Bagtyýar çagajyklar ajaýyp çagalygy, erkana watanymyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Şeýle-hem kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara her ýylyň Iýun aýynyň 1-ne bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesliň ähli babatda mynasyp durmuşy üçin örän amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan göçme sergisi hem çagalarda uly gyzyklanma we täsir galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.