Balkan welaýat kitaphanasynda geçirilen duşuşyk täsirli boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ilki bilen Balkan welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň bagşy-sazandalarynyň aýdym-sazly çykyşyna tomaşa etdiler. Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň halkymyza serpaý beren çuňňur pähim-paýhasa eýlenen kitaplarynyň, milli gymmatlyklarymyzyň, kitap we neşir önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar.
Balkan welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen «Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly!» atly döredijilik duşuşygyny hem Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew alyp bardy.
Döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Çerkez Esenow, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Amanmyrat Maýew, Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň edebiýat we drama bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Nurgözel Gozlyýewa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Hojaberdi Baýramow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ýagmyr Gurbannazarow, Ilşat Annamämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Baýramsoltan Gurbanowa, «Balkan» gazetiniň bölüm redaktory Nursoltan Depbiýewa, Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy Guwançmyrat Alýarow dagylar çykyş etdiler.
Döredijilik duşuşygynda edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýandygy, mähriban Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygy, Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilýändigi, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, halklar arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüňler edildi.
Şahyrlar döredijilik duşuşygynda ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar durmuşymyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän goşgularyny okap berdiler.