logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Welosiped sporty – sagdynlyga badalga

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy seýilgähinde «Welosiped sporty – sagdynlyga badalga» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler her ýylyň 3-nji iýunynda güneşli Diýarymyzda Bütindünýä welosiped güniniň giňden bellenilip geçilýändigi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek asylly däbe öwrülip, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramaga gönükdirilen ynsanperwer döwlet syýasatynyň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň döwlet syýasatynda sporty ösdürmekde we ussat türgenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilmegi, sportuň barha dabaralanmagyna esas bolýandygy barada belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň mundan beýläk hem, gülläp ösmegi halkymyzyň abadançylygy, bagtyýarlygy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.