logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

WENA ŞÄHERINDE GARAŞSYZLYGYNYŇ 34 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MEDENI KABUL EDIŞLIK GEÇIRILDI

2-nji oktýabrda Awstraýa Respublikasynyň Wena şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Grand Hotel Wien» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly syýasy-medeni çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy Awstriýa-Türkmen Jemgyýetiniň goldawy bilen gurady.

Bu medeni kabul ediş çäre Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň, Wena şäher häkimliginiň, Wenada akkreditlenen diplomatik korpusyň we halkara guramalarynyň wekilleri, Awstriýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Awstriýanyň Ykdysadyýet palatasynyň ýolbaşçylary, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Agşamyň aýdym-saz maksatnamasy türkmen sazandalarynyň we aýdymçylarynyň halk sungatynyň eserleri bilen çykyşlary boldy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň milli sungatynyň sergisi guraldy we milli tagamlar hödürlendi.