Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasy Türkmenabat şäheriniň 35-nji çagalar bagynyň körpelerine “Wepaly dost, edermen goragçy” ady bilen kitaphana syýahat geçirdiler. Kitaphana hünärmenleri türkmen alabaý itleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Çagalar “Türkmen alabaýy” atly kitaby bilen tanyşdylar. Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we taryhy medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, asylly däbe eýerilip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzda uludan bellenip geçilýär. Bu bolsa häzirki döwürde ýaş nesillerde milli gymmatlygymyz hasaplanýan türkmen alabaýlaryna bolan söýginiň has-da artmagyna ýardam berýär.