logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

WIRTUAL MUZEÝINIŇ ULANYLYŞY WE SANLY ULGAMYŇ MÜMKINÇILIKLERI

WIRTUAL MUZEÝINIŇ ULANYLYŞY WE SANLY ULGAMYŇ MÜMKINÇILIKLERI

«2025-nji-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşi bilen bilelikde «Wirtual muzeýiniň ulanylyşy we sanly ulgamyň mümkinçilikleri» atly söhbetdeşlik geçirildi. Ýurdumyzda ähli pudaklarda ösüşlerden ösüşlere özgerişliklerden özgerişliklere beslenýär.

Häzirki zaman sanly tehnologiýalar eýýamynda muzeýler öz işini giňeltmek we tomaşaçylary çekmek üçin innowasion çözgütleri işjeň ornaşdyrýarlar. Sanly tehnologiýalar medeni mirasy gorap saklamakda möhüm rol oýnap, ony dünýäniň islendik künjeginde ýaşaýan giň köpçülik üçin elýeterli edýär. Wirtual muzeýler, onlaýn platformalar we ykjam goşundylaryň üsti bilen ulanyjylar öýlerinden çykman muzeý gaznalaryna girip bilýärler. Bu aýratynlyklaryň döredilmegi fiziki mümkinçilikleri çäkli adamlar we uzak sebitlerde ýaşaýanlar üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Muzeýlerde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy sergileriň we bilim maksatnamalarynyň hilini ýokarlandyrmaga hem ýardam edýär. Multimediýa tehnologiýalarynyň, interaktiw ekranlaryň we 3D modelleriň kömegi bilen myhmanlar eksponatlar barada has çuňňur düşünje alyp bilýärler. Bu bolsa muzeýe baryp görmegi esasan-da ýaş nesil üçin has gyzykly we ýatda galyjy edýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda oňa gatnaşyjylar häzirki zaman tehnologiýalarynyň Türkmenistandaky muzeýlere ornaşdyrylmagynyň esasy ugurlary hem-de wirtual muzeýleriň kämilleşdirilmeginde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Mundan başga-da, sanly tehnologiýalar muzeýlere ylmy gözlegleri geçirmekde we maglumatlary işlemekde uly goldaw berýär. Häzirki zaman enjamlary muzeý gaznalaryny sanlylaşdyrmaga, electron kataloglary we maglumat bazalaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu hem alymlar üçin iş ýöredişi ýeňilleşdirýär, hem-de maglumatlaryň geljek nesiller üçin saklanmagyny üpjün edýär.

Wirtual muzeýler häzirki zaman dünýäde barha meşhur bolýar. Olar muzeý eksponatlarynyň sanly nusgalary ýerleşdirilen onlaýn platformalardyr. Wirtual muzeýler myhmanlara sanly gezelençler geçirmäge, eksponatlary jikme-jik öwrenmäge we goşmaça maglumat almaga mümkinçilik berýär. Bu, öýden çykmazdan, dürli halklaryň medeniýeti we taryhy bilen tanyşmagyň ajaýyp usulydyr.

Söhbetdeşlige gatnaşyjylar sanly tehnologiýalar muzeý işiniň ösmeginde möhüm rol oýnaýar diýip bellediler. Olar muzeýlere medeni mirasy gorap saklamaga, ony giň köpçülige elýeterli etmäge we täze myhmanlary çekmäge kömek edýär. Wirtual muzeýler häzirki zaman medeni giňişliginiň aýrylmaz bölegine öwrülip, her bir adama dürli halklaryň taryhy we medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.