logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

W.A.MOSARTYŇ 270 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN KONSERT

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda dünýä belli kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň doglan gününiň 270 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert boldy. Konsertiň maksatnamasy gaty baý we dürli-dürli bolup, onda beýik kompozitoryň iň meşhur eserleri ýaňlandy. Sahna çykan zehinli sazandalar we mugallymlar Mosartyň eserleriniň inçe ruhuny diňleýjilere ýetirmegi başardylar.
Konsertiň dowamynda “Sonata C-dur” Umumy fortepiano kafedrasynyň uly mugallymy Ýelena Arakelýan we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow bilelikde ýerine ýetirdiler. Soňra 4-nji sazçylyk mekdebiniň “Saýrak bilbiller” hor toparynyň ýerine ýetiren “Ave verum”, “Harplyk” eserleri täsirli boldy. Dabarada “Figaronyň öýlenişi” operasyndan Kerubinonyň ariýasyny Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Bahar Durdyýewa, şeýle-de “Don Zuan” operasyndan duet Begenç Gaýypow bilelikde ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň dowamynda “Diwertisment D-dur” we “Gijeki serenada” eserleri Annaoraz Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky “Melodiýa” kamera orkestri ýerine ýetirdiler.
Konsert ýokary ruhubelentlikde geçdi. Çykyşlar diňleýjiler tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyp, nusgawy sazlaryň adamyň ruhy dünýäsine ýetirýän oňyn täsiriniň bardygyny ýene bir gezek subut edildi.
Konsertiň ahyrynda belent owazly sazlar we zehinli ýerine ýetirijileriň ussatlygy diňleýjileriň göwnüni galkyndyrdy. Bu ajaýyp agşamy gurap, bize nusgawy sazyň dünýäsine syýahat etmäge mümkinçilik döreden ähli mugallymlara, talyp sazandalara we guramaçylara köp sag bolsun aýdýarys!

Hudaýguly HANOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby