Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň kitapsöýüji okuwçylarynyň arasynda taryhy ýadygärliklerimiz, olar baradaky rowaýatlar bilen baglanyşykly «Ýadygärlikler geçmiş taryhymyzyň şaýady» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri, olary gorap saklamak barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi höwesjeň çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Sergide hormatly Prezidentimiziň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem-de ýadygärliklerimiz baradaky neşirler ýerleşdirildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitapsöýüji ýaşlar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykan alkyş sözlerini beýan edýärler.