logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAGŞY DILEGLERIŇ AÝY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Büzmeýin medeniýet merkeziniň bilelikde gurnamagynda Mübärek Gadyr gijesine bagyşlanyp “Ýagşy dilegleriň aýy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik Mollakowlaryň maşgalasynda, “Aşgabat” teleýaýlymynda ýazgy edildi.

Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz dowam etdirilýändigi, Oraza aýynyň iň Mübärek gijesi Gadyr gijesi bolup, Oraza baýramy ata Watanymyza, mähriban il-günümize bolan wepadarlygy terbiýeleýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, jebislik, sahawatlylyk ýörelgelerini dünýä ýaýýan nurana baýramdygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Gadyr gijesi mynasybetli türkmen halkymyz öz ojaklarynda dürli tagam taýýarlap, birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, maşgala agzybirligini, ýurt abadançylygyny dileg edýändikleri barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.