logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETINDE SERGI GURALDY

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETINDE SERGI GURALDY

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagy mynasybetli 2025-nji ýylyň 18-nji martynda Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli çäre geçirdi. Şol çäräniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Nowruz geldi ilime» atly göçme sergi guraldy.

Sergide türkmen halkynyň gadymy egin-eşikleri, inçelik bilen dokalan milli haly we haly önümleri, dürli saz gurallary, gündelik durmuşda ulanylan hojalyk esbaplary hem-de gelin-gyzlarymyzyň milli şaýsepleri, şeýle hem sergide türkmen baharynyň gözel tebigatyny suratlandyrýan şekilli halylar görkezildi.

Geçirilen göçme sergide Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary hem-de mugallymlary Döwlet muzeýiniň gurnan täsirli sergisi üçin özleriniň minnetdarlygyny bildirdiler.