logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝAGŞYMYRAT TAJIMURADOWYŇ ÝEKELIKDÄKI KONSERTI

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimiz, sungatymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Şeýle ajaýyp günleriň birinde Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Ýagşymyrat Tajimyradowyň ýekelikdäki konserti geçirildi.

Konsert Ýagşymyrat Tajimyradowyň tar saz guralynda Seýid Rustamowyň «Ohu» tar diýen sazyny ezberlik bilen ýerine ýetirmegi bilen başlady. Norweg kompozitory Rolf Lowlandyň «Syrly bag» atly eserini tar saz guralynda üýtgeşik äheň ýerine ýetirmegi diňleýjilere ruhy lezzet paýlady.

Döredijilik konserti A. Babahanowyň «Hürrem» sazy bilen dowam etdi. Soňra konsertiň dowamynda Ýagşymyrat Tajimyradowyň plektorly dutarda ýerine ýetiirmeginde A.Byzow «Şa stili», Ç.Nurymow «Sonata» ýaly eserler ýaňlandy. A.Kalinkiniň «Iki Ukrain temasyna fantaziýa» diýen eseriň ýaňlanmagy konserti şatlyk-şowhun bilen jemledi.

Şeýle ajaýyp konsertleriň, saz festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.


Altyn ÝANGYÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby