10-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan bu döredijilik gözden geçirilişi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Bäsleşik ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, olaryň halkymyzyň egsilmez ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna ýardam berýär. Hemmeler hormatly Prezidentimiziň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Bellenilişi ýaly, sungat äleminde yz goýmak ussatlygy talap edýär. Aýdym-saz sungatynda ussatlyga ýetmek üçin meşhur halypalaryň ýerine ýetirijilik aýratynlygyny öwrenmek, halypa-şägirtlik mekdebini geçmek esasy zerurlykdyr. Halkyň kalbyna ornan aýdym-sazlar milli medeniýetimiziň genji-hazynasydyr. Şol hazynany baýlaşdyrmak bolsa ýaş aýdymçylaryň mukaddes borjudyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň barha ýakynlaşýan günlerinde ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrunda yglan edilen bäsleşikleriň jemleriniň jemlenmegi baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär. Bu bäsleşikler döredijilik we sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanýan ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy, olaryň höweslendirilmegi, ussatlyk ýoluna gadam basmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär. Şolaryň hatarynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň hatarynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinden döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet ulgamynyň, beýleki pudaklaryň işgärleri bar. Bäsleşigiň deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynyň dowamynda iň mynasyp wekiller saýlanyldy.
Onuň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji tapgyra çykan aýdymçylara bu gözden geçiriliş ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda möhüm badalga bolan bolsa, tomaşaçylar üçin ýaş zehinler bilen tanyşdyrýan hakyky baýramçylyga öwrüldi.
Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň hersinden ýaş zehinleriň 2-si jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Netijede, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda iň ökde ýaş aýdymçylaryň 14-si bäsleşdi. Olar nusgawy, halk hem-de döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly görnüşde ýaňlandy. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy, sahnada özüni alyp barşy-da göz öňünde tutuldy. Şanly sene mynasybetli bäsleşigiň jemleýji tapgyryna we gala konserte geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Munuň özi türkmen medeniýetinde halypa-şägirtlik ýolunyň iň gowy däpleriniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Garaşsyzlyk şanyna ýaňlan, ýaňlan, Diýarym!» atly aýdymy konsertiň joşgunly başlanmagyna itergi berip, döredijilik gözden geçirilişiniň özboluşly senasyna öwrüldi. Olaryň arasynda eýýäm aýdymlary söýlüp diňlenilýän belli aýdymçylar hem bar.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky kaşaň sahnada özleriniň aýdym-sazlaryny aýratyn ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.